Indiki möwsümde “Mersedesde” Hemiltonyň ornuny italiýaly Antonelli  eýelär

  • 01.09.2024 18:24
  • 5.7k+

Italiýaly Andrea Kimi Antonelli 2025-nji ýylda “Formula-1-iň” “Mersedes” toparynyň esasy ýaryşa gatnaşyjysy bolar. Bu barada toparyň saýtynda habar berilýär.

18 ýaşly Antonelli “Mersedesde” “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony britaniýaly Lýuis Hemiltonyň ornuny eýelär. Hemilton indiki möwsümden “Ferraride” çykyş eder. Antonelli britaniýaly Jorj Rasselliň ýoldaşy bolar.
Italiýaly 2019-njy ýyldan bäri “Mersedesiň” ýaşlar akademiýasynyň gatnaşyjysydyr. Ol häzirki möwsümde “Formula-2-de” ilkinji gezek çykyş etdi, 18 ýaryşda iki ýeňiş gazandy we häzir umumy sanawda altynjy orny eýeleýär.
Rassell 2019-njy ýylda “Mersedes” akademiýasyndan soň “Formula-1-e” geçdi. Şondan bäri iki gezek Gran-pride ýeňiji boldy we 13 gezek münbere çykdy.
Häzirki möwsümde 18 tapgyrdan soň Hemilton umumy sanawda altynjy, Rassell sekizinji orny eýeleýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Mersedes” dördünji orunda ýerleşýär.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

29.05.2026 15:15
19k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....