Xiaomi 2025-nji ýylda eplenýän MIX Flip 2 smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar

  • 01.09.2024 18:32
  • 3.7k+

Xiaomi kompaniýasy ýakynda MIX Flip smartfonyny çykarandan soň, eýýäm bu hataryň indiki neslini – Xiaomi MIX Flip 2-ni taýýarlamaga girişdi.

Täze eplenýän smartfon barada maglumatlar IMEI GSMA maglumatlar bazasynda peýda boldy we bu ýerde smartfona degişli iki belgi ýüze çykaryldy: Hytaý bazary üçin “2505APX7BC” we dünýä bazary üçin “2505APX7BG”. Belgilerden ugur alsaň, MIX Flip 2 2025-nji ýylyň iýul aýynda bazara çykyp biler.
Belgilerdäki “2505” modeli 2025-nji ýylyň maý aýyny görkezýär, ýöne MIX Flip-de “2405” belgisiniň bolandygyna garamazdan, onuň 2024-nji ýylyň iýul aýynda çykandygyny göz öňünde tutsaň, täze smartfon hem iki aý giç çykyp biler. Häzirlikçe täze önümiň tehniki aýratynlyklary barada maglumat ýok, ýöne Xiaomi-niň bu gurluşyň global relizini meýilleşdirýändigi belli.
MIX Flip 2-den başga-da, kompaniýa birnäçe modeli öz içine aljak Xiaomi 15 seriýasyny taýýarlaýar hem-de “zhuque” düwmesiz smartfonyny synagdan geçirýär.


06.02.2026 09:00
1.2k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.1k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...