Xiaomi alty sany smartfon üçin goldawy bes edýär: olaryň arasynda Redmi we Poco hem bar

  • 30.08.2024 19:03
  • 8.5k+

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini almajak smartfonlaryň we planşetleriň sanawyny täzeledi. EOL (End of Life) diýlip atlandyrylan bu sanawda ýedi sany smartfon modeli we iki sany planşet bar diýip, IXBT ýazýar.

Indi täzelenmeleri almajak modelleriň sanawy:

  • Xiaomi MIX 4
  • Xiaomi Pad 5 Pro 5G
  • Xiaomi Pad 5 Pro
  • Poco F3 GT
  • Poco F3
  • Redmi K40
  • Redmi Note 8 (2021)
  • Redmi Note 10 5G
  • Redmi Note 8 (2021)

Geljekde bu modeller programma üpjünçiliginiň diňe ownuk täzelenmelerini alyp bilerler.
Xiaomi-niň EOL (End of Life) we EOS (End of Support) sanawlaryny birleşdirendigini belläp geçmek möhümdir. Bu bolsa sanawdaky enjamlara goldawyň ähli görnüşleriniň ýatyrylmagyny aňladýar.
Bu enjamlary ulanýanlar, soňky howpsuzlyk täzelenmelerini almak üçin täze modellere geçmeli bolarlar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...