Xiaomi düwmesiz we görünmeýän öň kameraly smartfon taýýarlaýar

  • 29.08.2024 22:14
  • 10k+

2025-nji ýylda Xiaomi kompaniýasy özboluşly smartfon çykarar. Zhuque diýlip atlandyrylan bu gajetde fiziki düwmeler bolmaz, olaryň deregine öwrülişikli dolandyryş hödürlenýär. Ulanyjylar smartfony üm, ses arkaly ýa-da duýgur panelleriň kömegi bilen dolandyryp biler diýip, Smartprix ýazýar.

Şeýle hem enjamda görünmeýän öň kamera bolar, ol ekranyň aşagynda gizlener. Bu tehnologiýa eýýäm bar, ýöne Xiaomi ýokary hilli surata düşürjek kamerany görünmeýän edip, kämilleşdirmegi meýilleşdirýär.
Zhuque Qualcomm-yň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda çykarjak, 3nm tehnologiýa  prosesi arkaly işlenip düzülen kuwwatly Snapdragon 8+ Gen 4 prosessori bilen üpjün ediler.
Zhuque-niň peýda bolmagyny 2019-njy ýylda çykan Mi MIX Alpha konsepsiýasynyň smartfonynyň täzeden gözden geçirilmegi hökmünde kabul etmek mümkin. Mi MIX Alpha yzky paneli tutup duran “çäksiz” ekrany, görnüp duran öň kamerasynyň bolmazlygy we düwmeleriniň ýokdugy bilen hemmeleri haýran galdyrdy. Şeýle-de bolsa, önümçilik kynçylyklary sebäpli model henizem satuwa çykmady. 


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...