Jeýms Bonduň stilinde: “Iň tiz sowutlanan awtomobil” hödürlendi

  • 29.08.2024 17:53
  • 8.2k+

US Armor Group kompaniýasy Lucid Air Sapphire elektromobiliniň sowutlanan görnüşini hödürledi. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, ol dünýäde iň tiz sowutlanan awtomobil diýip, CarScoops habar berýär.

Adaty Lucid Air Sapphire-iň binýadynda döredilen awtomobil ballistik polatdan hem berk bolan ýeňil kompozit sowudy görnüşinde goşmaça goraga eýe boldy. Sowut awtomobiliň agramyny bary-ýogy 175 kg artdyrdy, bu hem tizligi sagatda 320 km çenli artdyrmaga we 687 km çenli geçýän menzilini saklamaga mümkinçilik berýär.
Lucid Air Sapphire-iň kuwwaty 1234 at güýji bolup, awtoulag tizligini sagatda 100 km çenli 1,89 sekuntda artdyrýar. Ol maglumatlary goramak üçin “syzdyrmaýan Internet/Wi-Fi howpsuzlyk bukjasy” bilen hem üpjün edildi.
Goşmaça mümkinçilik hökmünde elektroşok gapy tutary, burç ballony we howpsuzlyk üçin zerur beýleki aýratynlyklar bar.
Sowutlanan Lucid Air Sapphire-iň bahasy 475 000 dollardan başlaýar. Deňeşdirmek üçin, ABŞ-da adaty Lucid Air Sapphire, takmynan, 250 müň dollara düşýär.


25.10.2025 15:52
4.2k+

“60 sekuntda alyp gaçmak” filmindäki nusgawy Mustang Eleanor täzeden janlanýar

2025-nji ýylda meşhur “60 sekuntda alyp gaçmak” («Угнать за 60 секунд») filminiň remeýkiniň çykanyna 25 ýyl dolýar. Film Eleanor Mustang modeline hakyky meşhurlyk getirdi. Cinema Muscle Recreations kompaniýasy Eleanor GT500 atly baýramçylyk neşiriniň diňe 25 sany aýratyn nusgasyny çykaryljakdygyny mälim etdi...

09.10.2025 17:22
2.9k+

Jeýms Bond baradaky filmde görkezilen meşhur Lotus Esprit ulagynyň restomody döredildi

Britaniýanyň Encor atly startap kompaniýasy (Lotus-yň we Aston Martin-iň öňki inženerleri işleýär) nusgawy Lotus Esprit kupesiniň restomod görnüşini hödürledi. Taslama modeliň 50 ýyllygyna bagyşlandy. Awtoulag Jorjetto Jujaro tarapyndan döredilen birinji nesil S1 äheňinde ýerine ýetirildi...

19.07.2025 07:16
6.5k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...

20.05.2025 14:51
2.2k+

Al Paçino Maserati-ni esaslandyryjylar hakdaky baýopikde surata düşer

Al Paçino italýan awtoulag brendini esaslandyryjylara bagyşlanan “Doganlar Mazeratiler” terjimehal filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär. “Çokundyran atanyň” (“Крестный отец”) ýyldyzy 1914-nji ýylda esaslandyrylan Maserati kompaniýasynyň esasy maýadarlaryndan biri Winçenso Wakkaronyň keşbini ýerine ýetirer...