NASA-nyň zondunyň asteroid bilen çaknyşmagyndan pytrajak bölekler ýene 7 ýyldan Ýere gelip biler

  • 28.08.2024 17:47
  • 8.3k+

NASA-nyň Dimorf asteroidiniň ugruny üýtgetmek boýunça üstünlikli geçen missiýasy netijesinde Ýer täze meteor akymynyň döreýşine şaýat bolup biler. Milanyň Politehniki institutynyň barlagçylary Italiýanyň CubeSat hemrasyndan alnan maglumatlara esaslanyp, DART zondunyň asteroid bilen çaknyşmagy netijesinde emele geljek millionlarça bölejikleriň hereketini simulasiýa etdiler diýip, Science Alert habar berýär.

Ilkinji bölejikleriň sekuntda 1,5 kilometrden gowrak tizlik bilen (sagatda 5400 kilometr) hereket edip, ýedi ýylyň içinde Ýere gelip ýetjekdigi çak edilýär. Şeýle-de bolsa, galyndylaryň köpüsi biraz gijiräk, takmynan, 30 ýyldan soň planetamyza gelip ýeter. Hatda iň uly bölekleriň hem atmosferada ýanmagyna we asmanda ýagty çyzyklaryň döremegine garaşylýar.
Perseidler ýaly, täze “Dimorfidler” meteor akymyny görmek mümkinçiligi entek tassyklanmasa-da, alymlar ony ýakyn onýyllyklarda tassyklamaga umyt baglaýarlar. Gözegçilikleriň netijeleri DART missiýasynyň netijeliligine baha bermäge we asteroidleriň özüni alyp barşy barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berer.


20.11.2025 18:49
6.5k+

NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi

3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar...

31.07.2025 20:18
7.3k+

Aý we Ýer bir günde Günüň öňüni örtdi. NASA-nyň zondy seýrek hadysany ýazga aldy

NASA-nyň gije-gündizleýin Günüň işjeňligini yzarlaýan Solar Dynamics Observatory (SDO) kosmos zondy 25-nji iýulda  seýrek hadysany bellige aldy. Günüň öňüni ilki Aý bölekleýin ýapdy we üç sagatdan soň Ýer hem şu ýagdaýy gaýtalady...

14.07.2025 16:50
4.1k+

“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy haýran galdyryjy wakanyň - iki sany halka şekilli galaktikanyň çaknyşygynyň şekilini düşürdi. Bu takmynan 38 million ýyl ozal, Ýerden milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda bolup geçdi...

07.07.2025 13:30
8.9k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...