iPhone 16 resmi taýdan 9-njy sentýabrda hödürlener

  • 28.08.2024 10:14
  • 6.2k+

Apple kompaniýasynyň nobatdaky uly tanyşdyrylyş dabarasy 9-njy sentýabrda geçirilip, onda resmi taýdan täze iPhone 16 smartfony hödürlener. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär.

Apple-iň GlowTime adyny alan tanyşdyrylyşynyň göni ýaýlymy 9-njy sentýabrda Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Ýaýlymyň mazmuny hemişeki ýaly syr bolup galýar, ýöne esasy waka nobatdaky iPhone hatary bolmaly. Şeýle-de, kompaniýanyň emeli aň funksiýaly iOS 18 operasion ulgamy barada täzelikler bilen paýlaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň özi Kaliforniýadaky Apple kampusynda geçer, ony YouTube-da we Apple-iň resmi saýtynda görmek bolar. 


düýn 19:13
2k+

Apple iPhone 11 Pro Max-y we Watch Series 3-i könelişen gurluşlaryň sanawyna goşdy

Apple iPhone 11 Pro Max-y we Watch Series 3 akylly sagady goşmak bilen, wintaž enjamlarynyň sanawyny giňeltdi. Şeýle-de bolsa, iPhone 11 Pro entek bu sanawa goşulmady, munuň sebäbi  Apple-iň bu model bilen üçünji tarapyň satyjylaryny, beýleki enjamlara garanyňda, has uzak wagtlap üpjün etmegi bilen baglanyşyklydyr...

düýn 11:47
2.7k+

AirPods üçin oýun döredildi: ulanyjylar kellesini ýaýkap ýaryş motosiklini dolandyryp bilerler

App Store-da RidePods atly adaty bolmadyk oýun çykdy, bu ýaryş oýnunda motosikli ekranyň düwmelerine basyp däl-de, kelläň hereketi bilen dolandyryp bolýar. Ýaryş wagtynda oýunçylar ýolda motosikl sürmek bilen garşydan gelýän awtoulaglardan sowlup geçmäge we netijelerini ýokarlandyrmaga synanyşýarlar...

30.09.2025 16:55
6.6k+

Apple kompaniýasy iPhone 17 Pro-daky çyzyklary duzly erginiň kömegi bilen aýyrmagy teklip edýär

Apple-iň täze iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlary satuw başlany bäri garaşylmadyk kemçilik sebäpli dilden düşmän gelýär. Firma dükanlarynyň myhmanlary görkezmek üçin goýlan smartfonlarda yzky panelleriň çyzylandygyna üns berdi...

28.09.2025 23:56
3.5k+

Apple-iň iPhone üçin ChatGPT-ä meňzeýän Veritas atly gizlin programmasy bar

Apple Siri ses kömekçisiniň täzelenen görnüşini barlamak üçin täze Veritas programmasyny işläp düzýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň habar bermegine görä, bu programma häzirlikçe gizlin saklanýar we diňe kompaniýanyň öz içinde ulanylýar...