Alymlar öz islegine görä garrap hem ýaşaryp bilýän jandary tapdylar

  • 27.08.2024 19:44
  • 14k+

Atlantik ummanyndan tapylan žele görnüşli kiçijik jandar alymlary haýran galdyrdy - bu jandar - "deňiz hozy" täsin ukyba eýe. Ol garramak prosesini tersine öwrüp bilýär.

Görnüşi ýaly, iň agyr şertlerde-de ýaşamaga ukyplydygy bilen tanalýan bu kekeşlijeler açlyk ýa-da şikes bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda iki murtjagazly gurçuk stadiýasyna çenli "yza gaýdyp" bilýär. Bu aýratynlyk oňa bar bolan has owunjak iýmitleri ele salmak bilen, diri galmaga mümkinçilik berýär.
Norwegiýadaky Bergen uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen synagda ýeterlik iýmitlenenden soň, iýmitden mahrum bolan ýa-da zeperlenen dokumaly 65 deňiz hozunyň 13-siniň deslapky ululygyna gaýdyp gelmek bilen, ýitiren beden böleklerini dikeldip we hatda köpeltmek ukybyna hem eýe bolup biljekdikleri anyklandy.
Uniwersitetiň deňiz biology we doktorlykdan soňky ylmy işgäri Joan J. Soto-Anjel: "Jele görnüşliler murtjagazlaryny iýmiti tutup almak üçin ulanýarlar, uly bolanlygynda olarda beýle mümkinçilik bolmazdy" -diýdi.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....