“Dedpul we Rosomaha” $1,2 mlrd gazanyp, “Demir adam 3” filminden öňe geçdi

  • 27.08.2024 14:24
  • 5.5k+

“Dedpul we Rosomaha” kassa rekordlaryny goýmagy dowam etdirýär. Prokatyň ilkinji aýynda film eýýäm 1,21 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnap, bu boýunça “Demir adam 3” filminden öňe geçdi. Netijede, Marvel kinoäleminiň iň üstünlikli filmleriniň ilkinji ýediliginde orun aldy.

Hakyky supergahryman bolmak mümkinçiligine eýe bolan Dedpulyň başdangeçirmeleri barada gürrüň berýän filmiň ýiti gülküli stilistikasy we işi şowuna düşmeýän Rosomaha bilen garaşylmadyk dueti tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Filmden öňde “Gara Babyr” ($1,33 mlrd) we “Ar alyjylar: Altronyň döwri” ($1,39 mlrd) bar. Kassa ýygymlarynyň okgunly ösüşini göz öňünde tutsaň, filmiň bu kartinalardan hem öňe geçmegi mümkin.


düýn 07:46
1.2k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....