Xiaomi her satan SU7 elektrik ulagynda 9,1 müň dollar ýitgi çekýär

  • 27.08.2024 13:48
  • 4.9k+

Hytaýyň metbugatynda we sosial ulgamlarda Xiaomi-niň awtoulag bölüminiň çeken ýitgileri barada jedeller gyzyşýar: ikinji çärýek üçin maliýe hasabaty çap edilenden soň, kompaniýanyň her Xiaomi SU7 elektrik sedanynda, takmynan, 10 müň dollar ýitirýändigi ýüze çykdy.

Ikinji çärýekde kompaniýa jemi 27 307 Xiaomi SU7 awtoulagyny müşderilere gowşurdy hem-de 6,4 milliard ýuan girdeji gazandy we arassa 1,8 milliard ýuan ýitgi çekdi. Görnüşi ýaly, Xiaomi SU7-iň ortaça bahasy 234 müň ýuana (33 müň dollar), her ulag satylanda ortaça ýitgi bolsa 65 müň ýuana (9,1 müň dollar) deň.
Jedellere jogap hökmünde Xiaomi-niň başlygy we awtoulag bölüminiň kuratory Leý Szun (Lei Jun) özüniň Weibo-daky sahypasynda şeýle diýip ýazdy: “Awtoulag döretmek kyn, ýöne üstünlik ajaýyp bolmaly! Xiaomi Auto henizem maýa goýum tapgyrynda, her kim muňa düşüner diýip umyt edýärin".
Aslynda, Leý Szun uly ýitginiň çekilendigini we söwda-da zelel görlendigini boýun aldy. Xiaomi Group-yň başlygy Lu Weýbing (Lu Weibing) hem munuň sebäbini aýdyňlaşdyrdy. Onuň sözlerine görä, Xiaomi SU7-iň önümçiliginiň pesligi we maýa goýum çykdajylarynyň köplügi sebäpli, taslama entek girdejili däl. Emma, baş müdiriň çaklaýşyna görä, wagtyň geçmegi bilen hemme zat üýtgär we Xiaomi ahyrsoňy awtoulag satuwyndan girdeji gazanyp başlar.


14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...