Jeki Çan Parižde Paralimpiýa alawynyň estafetasyna gatnaşar

  • 27.08.2024 13:15
  • 12k+

Aktýor Jeki Çan Pariždäki Paralimpiýa oýunlarynyň alaw estafetasyna gatnaşar. Bu barada guramaçylyk komitetine salgylanyp, RMC Sport habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ol çarşenbe güni Pariže geler, şol gün hem Paralimpiadanyň açylyş dabarasy bolar. Ol alawy aktýorlar Elza Zilberşteýn we Žarri, şeýle-de horeograf Benžamen Millipýe bilen bilelikde göterer.
70 ýaşly Jeki Çan estafetany ýerli wagt bilen 17:27-de kabul eder. Açylyş dabarasy 20:00-da başlar.
Paralimpiýa oýunlary Parižde 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.
Belläp geçsek, Jeki Çan 2022-nji ýylyň fewral aýynda Pekindäki Olimpiadada alaw estafetasyna gatnaşdy – ol fakeli Beýik Hytaý diwary boýunça göterip geçdi. Şonda aktýor örän üşändigini, ýöne dördünji Olimpiada gatnaşandygyna begenýändigini aýtdy.


28.05.2026 12:35
4.4k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

02.02.2026 22:13
2.8k+

Wenesiýada karnawal geçirilýär

Wenesiýada däp bolan karnawal dowam edýär. Bu ýylky dabara üçin, açylyşy 6-njy fewrala meýilleşdirilýän Milandaky gyşky Olimpiýa oýunlary bilen utgaşykly «Olimp — oýunlaryň gözbaşy» diýen şygar saýlanyp alyndy...

06.11.2025 23:15
1.9k+

LEGO Bred Pittiň baş keşbi ýerine ýetiren “F1” filmi boýunça täze toplumy hödürledi

LEGO kompaniýasy Bred Pitt bilen Damson Idrisiň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde çykan “F1” filmine bagyşlanan täze toplumy görkezdi. Toplum 268 bölekden ybarat bolup, ýaryş awtomobilini, şeýle-de baş gahrymanlaryň kiçi heýkeljiklerini: Sonni Heýsi (Bred Pitt) we Joşua Pirsi (Damson Idris) öz içine alýar...

23.10.2025 09:54
6k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär. Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler...