Samsung-yň "Galaxy Ring" akylly ýüzügi bejermek üçin ýaramsyz bolup çykdy

  • 26.08.2024 17:25
  • 4.2k+

iFixit hünärmenleri Samsung Galaxy Ring akylly ýüzügini söküp, gurluşyň abatlaýyş işine ýaramly däldigini anykladylar. Bahasy 400 dollar bolan bu ýüzügi bejerip bolmaýar: akkumulýatory korpusa zeper ýetirmezden çalyşmak mümkin däl diýip, IXBT belleýär.

Sökme gurluşyň bölekleriniň oňa örän berk galaýylanandygyny görkezdi, olara ýetmek üçin bolsa epoksid örtügi eretmeli boldy. Ýüzügiň esasy bölekleri iki sany Arm Cortex-M33 ýadroly SoC Nordic Semiconductor nRF5340-dan, Bluetooth 5.4 we NFC modullaryndan, şeýle-de kiçijik simsiz zarýad beriş katuşkasyndan ybarat.
Ýüzügiň hyzmat ediş möhleti akkumulýatory çalyşmagyň mümkin däldigi sebäpli iki ýyl hasaplanýar. Adatça, şeýle akkumulýator doly zarýadsyzlanma çenli şonça möhlet hyzmat edýär. Hünärmenleriň pikiriçe, kompaniýa gurluşlaryň ýygy-ýygydan çalşylmagyny göz öňünde tutup, ikiýyllyk hyzmat möhletini makul hasaplaýan bolmaly.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...