Wýetnamly reteýler elýeter bahaly Redmi 14C telefonynyň häsiýetnamasyny aýan etdi

  • 25.08.2024 10:01
  • 10k+

Redmi 14C býujet smartfonynyň häsiýetnamasy torda peýda boldy. Maglumat wýetnamly reteýler tarapyndan neşir edildi, ýöne tiz wagtdan pozuldy, ýöne Internet hemme zady ýadynda saklaýar diýip, IXBT belleýär.

Häsiýetnamasy:

  • Ekrany: 6,88 dýuým, durulygy HD +, kadr tizligi 90 Hz
  • Prosessor: MediaTek Helio G91
  • RAM-y: 4/8 GB
  • Ýady: 128 GB
  • Esasy kamerasy: 50 MP
  • Batareýasy: 5160 mA·s, 18 Wt zarýad berilýär
  • Barmak yzy skaneri: Gapdal
  • Redmi 14C-iň 5G goldawyny almajakdygy bellärliklidir.

Enjamyň bahasy entek aýan edilmedi. Wýetnamda 31-nji awgustda satylyp başlanar.


14.02.2026 18:43
1.3k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...