Ýer ýüzüniň iň garry adamy bolan 116 ýaşly ýapon zenany – öňki alpinist nähili ýaşaýarka

  • 25.08.2024 10:10
  • 21k+

117 ýyl 168 gün ýaşan, kataloniýaly Mariýa Branýas Morera aradan çykandan soň, dünýädäki iň garry adam tituly Ýaponiýa gaýdyp geldi. Indi oňa Tomiko Itooka eýe boldy diýip, “Wokrug sweta” neşiri ýazýar.

Gerontologiýa barlag topary Tomikonyň 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda Osakada doglandygyny belläp, bu hakykaty tassyklady. Zenan 116 ýaşynda.
Bu zenan maşgaladaky üç çaganyň ikinjisi eken. Çagalygynda woleýboly gowy görüpdir. 20 ýaşynda durmuşa çykyp, dört çagany dünýä inderipdir. Ikinji jahan urşy döwründe adamsynyň dokma fabriginiň ofisini dolandyrypdyr we 1979-njy ýylda adamsy aradan çykandan soň, ýalňyzlyk sebäpli haýking – daglara çykylýan uzak pyýada gezelençler bilen meşgullanyp başlapdyr. 80 ýaşyndaka 3000 metr beýiklikdäki Ontake dagyna iki gezek çykmagy başarypdyr, 80 ýaşynda Ýaponiýanyň iň gadymy ugurlaryndan biri bolan, 33 ybadathananyň üstünden  geçýän Saýgokuwa iki gezek zyýarat etdi. 100 ýaşynda bolsa Asiýa ybadathanasynyň daş basgançaklaryna hasasyz çykmagy başardy. Maşgalasynyň sözlerine görä, hut şu uzak gezelençler hem onuň uzak ýaşamagynyň syrydyr.
Tomiko 110 ýaşyna çenli gyzlary bilen bile ýaşady, ýöne soňra garrylar öýüne göçdi. Gulagynyň agyrlygyna garamazdan, ol häzirem oňat düşünişýär.
116 ýaşy dolanda doglan gününe şäher häkimi gutlag otkrytkasyny, gül we tort iberendigini, emma tortuň göwnüne ýaramandygyny Tomiko boýun aldy. Ýöne ol banany, hakykatdanam, gowy görýär we her gün irden kalpis - aýrana meňzeş ýapon içgisini içýär.
Zenan 2023-nji ýylyň dekabrynda Aziýanyň iň garry adamy boldy. Tomiko, dünýädäki iň garry adam bolmak bilen birlikde, bu reýtingiň taryhynda iň garry adamlaryň sanawynda 24-nji orunda durýar. Bu sanawda birinjiligi 122 ýyl 164 gün ýaşan fransuz zenany Žanna Kalman eýeleýär. Ol 1875-nji ýylyň 21-nji fewralynda doglup, 1997-nji ýylyň 4-nji awgustynda Arlda aradan çykdy.


şu gün 14:27
1.5k+

Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň......

17.04.2026 16:25
3.8k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

16.04.2026 18:02
4.1k+

Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga......

14.04.2026 16:19
1.7k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......