Marokkoda 115 müň janköýer sygjak äpet çadyr görnüşindäki stadion gurlar

  • 25.08.2024 10:03
  • 14k+

2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty üçin Marokkoda  äpet  çadyr görnüşindäki stadiony gurmak meýilleşdirilýär. Grand Stade Hassan II arenasy 115 müňden gowrak tomaşaçyny kabul edip biler diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär.

Taslama Parižiň Populous we Oualalou + Choi binagärlik býurolary tarapyndan işlenip düzüldi. Arena Kasablankanyň demirgazygyndaky El Mansuriýada 100 gektar meýdanda ýerleşer.
Çadyr görnüşli dizaýny döretmekde binagärler Marokkanyň däplerinden ylham aldylar. Stadionyň üçegi 32 merdiwan halka daýanýan alýumin gözeneklerden ýasalar. Münberler umumy zolaga we VIP bölüme bölner.
Şeýle hem “oazis” effektini döredýän, 28 metr beýiklige galdyrylan meýdançalarda  ýerleşjek köp derejeli baglar bolar. Birinji gatda botanika bagynyň bolmagy  meýilleşdirilýär.
Sebitdäki Populous-yň dolandyryjy direktory Kristofer Li: "Stadion Marokko we tutuş futbol pudagy üçin hakykatdanam ajaýyp medeni ýer, dünýädäki iň uly stadionlaryň biri bolar" – diýmek bilen, arenanyň FIFA-nyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini we Dünýä çempionaty-2030-y kabul edip biljekdigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Geljekki dünýä çempionatynyň soňky duşuşygynyň nirede geçiriljekdigi entek belli däl. Dalaşgärleriň biri - Madridiň “Real”-ynyň öý stadiony, ýaňy-ýakynda durky täzelenen “Santýago Bernabeu”.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......