Joşua – Dýubua söweşi üçin petekleriň ählisi satyldy. Söweşi 90 000 tomaşaçy görer

  • 25.08.2024 09:53
  • 11k+

21-nji sentýabrda “Uembli” stadionynda boks ýaryşy geçirilip, onda iki britaniýaly boksçy – Entoni Joşua bilen Daniel Dýubua IBF-iň superagyr agramda dünýä çempiony guşagy üçin söweşer.

Bu waka 90 000 petegiň ählisi eýýäm satylyp gutardy. 
Joşua we Dýubua bu agram derejesinde beýleki çempion titullarynyň eýesi bolan Aleksandr Usigiň boşadan guşagyny almak üçin söweşerler. Joşuanyň hasaby 28-3, Dýubuanyň hasaby bolsa – 21-2.
Analitikleriň pikiriçe, ýeňiji absolýut dünýä çempiony adyny almak ugrunda Usik bilen söweşmek mümkinçiligine eýe bolar.
Ýaryş dört titul söweşini öz içine alýar. Ýene bir esasy wakada Taýler Denni bilen Hamza Şiraz orta agramda EBU European guşagy üçin söweşer. 


15.06.2026 15:36
3.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....