Okuw harytlaryny öýde oturan ýeriňde bazar bahasyndan nireden satyn alyp bolar? “Tekjeden” teklip

  • 24.08.2024 18:01
  • 9.6k+

Onlaýn söwdanyň durmuşymyza tiz depginde ornaşýan döwründe “bazarlamak” diýen düşünje mazmunyny has giňeldip, öz içine öýde oturan ýeriňden – telefon arkaly söwda etmegi hem aldy. Indi, isleýän harydyňy gözläp dükanma-dükan ýol sökmäge derek, onlaýn marketleriň üsti bilen gerek zadyňy tiz tapyp bolýar. Galyberse-de, onlaýn marketlerden bahalary öýden çykman öwrenip bolýar.

Mekdep bazarynyň «gyzyşýan» döwründe «Tekje» onlaýn marketi mekdep harytlarynyň ählisini öýde ýa işde oturan ýeriňizden internet arkaly sargyt etmegi teklip edýär.
«Tekje» onlaýn marketi mekdep harytlaryny bazar bahasyndan hem arzan tapyp biljekdigiňizi aýdýar. Mysal üçin,

  • 12 listlik ýuka depderler - 0,80 teňňeden;
  • umumy depderler - 2,50 manatdan;
  • depder daşlar 4 manatdan;
  • gündelikler 4 manatdan;
  • okuw sumkalary 99 manatdan başlaýar.

Harytlardan saýlamak üçin görnüş köp.
Häzirki wagtda okuw sumkalaryna 15% arzanlaşyk hereket edýär.
Diňe mekdep ýa ofis harytlary däl, «Tekje» onlaýn marketinde durmuşyň ähli zerurlyklary üçin harytlary hödürlenilýär. Onlaýn marketde harytlar kategoriýalar boýunça hem, isleýän harydyň adyny, brendini, kategoriýasyny gözleg meýdançasyna ýazmak arkaly hem gözlenip bilner. Onlaýn marketde Hojalyk tehnikalary, hojalyk harytlary, arassaçylyk serişdeleri, şahsy gözellik we ideg, çaga harytlary, sowgatlyklar, sport we güýmenje, egin-eşik, kanselýariýa harytlary, gurluşyk harytlary, tikinçilik harytlary — kategoriýalar bar.
«Tekje» onlaýn marketinde yzygiderli arzanlaşyklar geçirilýär.
Sargydyň mukdary 100 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty Aşgabat, Änew, Büzmeýin, Gökdepe sebitlerine MUGT ýerine ýetirilýär. Sargydyň mukdary bellenen mukdardan ýokary bolsa beýleki şäherlere hem eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetiriler.
Eltip berme wagtlary: 13:00 —16:00; 18:00 — 21:00 aralykda

«Tekje» onlaýn marketini ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we AppStore
Web saýt: tekjemarket.com


düýn 18:22
7.2k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....