Nestle-niň baş müdiri ýedi ýyl zähmetden soň wezipesini terk edýär

  • 24.08.2024 17:11
  • 6.1k+

Nestle-niň baş müdiri Mark Şnaýder 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda wezipesinden gider. Kompaniýanyň müdirler geňeşi onuň deregine häzirki wagtda ýerine ýetiriji wise-prezident we kompaniýanyň latynamerikan sebitiniň ýolbaşçysy bolan Loran Freýşeni belledi diýlip, konserniň metbugat gullugynda aýdylýar.

Şnaýder baş müdir wezipesini 2017-nji ýylda eýeledi we şondan bäri kofe, öý haýwanlary üçin iýmitler we sagdyn iýmitler ýaly çalt ösýän ugurlary ösdürmäge aýratyn üns berdi.
Freýşe Nestle-de 1986-njy ýyldan bäri işleýär. Ol kompaniýanyň Ýewropadaky we Amerikadaky bölümçelerinde ýolbaşçy wezipelerini eýeledi, iki ýyl ozal bolsa latynamerikan bölümçesine ýolbaşçy boldy.
Şweýsariýanyň Nestle kompaniýasy dünýäde azyk önümlerini we içgileri iň uly öndürijileriň biridir. Onuň 83 ýurtda 400-den gowrak fabrikasy we bütin dünýäde 270 000 töweregi işgäri bar.

düýn 21:59
986

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....