Türkmen talyplary we mugallymlary «PETRONAS-yň» Tehnologiýalar uniwersitetinde tejribelik geçýärler

  • 24.08.2024 16:34
  • 8.2k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeliklerini geçýärler.

"Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, bu okuw-tejribeligi türkmen ýokary okuw mekdebiniň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýalar uniwersiteti bilen baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäginde şu aýyň dowamynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si iki hepdelik önümçilik tejribeligini, üç sany mugallymy bolsa bir hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmäge mümkinçilik aldy.
Saparyň çäginde Petronas tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşyklar geçirildi. HNGU-nyň mugallymlary bu bilim ojagynda okuw, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde bolmagyň çäginde talyplardyr mugallymlar «PETRONAS» kompaniýasynyň önümçilik desgalaryna, dolandyryş edaralaryna hem baryp görerler.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...