Saud Arabystanynda özboluşly Aramco stadionynyň renderi hödürlendi

  • 24.08.2024 16:01
  • 11k+

Populous binagärlik studiýasy Saud Arabystanynyň El-Hubar şäherinde guruljak täze Aramco Stadium futbol stadionynyň renderini hödürledi. 47 000 orunlyk stadion 2027-nji ýyldaky Aziýanyň Kubogynyň esasy meýdançalarynyň biri bolar.

Taslama tolkuny ýada salýan spiral görnüşde bolup, ol Pars aýlagynyň kenaryndaky ýerleşişini alamatlandyrýar.
Stadionyň fasady biri-biriniň üstüni örtýän panellerden ybarat bolup, olar tebigy ýagtylyk üçin yşlary göz öňünde tutýarlar. Panduslar we geçelgeler eksterýeriň spiral dizaýny bilen sazlaşyp, tomaşaçylary stadionyň elliptik zolagyna gönükdirer. Populous-yň wekilleriniň aýtmagyna görä, dizaýn tolkunlaryň aýlanmagy ýaly tebigy şekillerden ylham aldy.
Saud Arabystany 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek islegi bilen ýüz tutmaga taýýarlanýar. Munuň üçin ol Er-Riýadda 90 000 orunlyk meýdançany we 350 metrden gowrak beýiklikde stadiony öz içine alýan ýaly birnäçe uly stadion taslamasyny hödürleýär.


düýn 20:28
6.5k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.8k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....