Hytaýda ýedi “Gün” göründi: seýrek optiki hadysa Çendunyň ýaşaýjylaryny haýran galdyrdy

  • 24.08.2024 10:30
  • 22k+

Hytaýyň Çendu şäheriniň asmanynda ýaşaýjylar tarapyndan “ýedi Gün” diýlip at berlen seýrek optiki hadysa bolup geçdi. Bu barada World of Buzz ýazýar.

Bir minutyň içinde megapolisiň üstünde dürli ýagtylykda we reňk temperaturasynda bolan ýedi sany “Gün” görnüp, özboluşly görnüşi döretdi.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, olar şeýle hadysa ilkinji gezek syn edýärler. Hadysa bir minut töweregi dowam etdi, şondan soň diňe bir Gün – hakyky Gün galdy.
Astronomiýa muşdaklarynyň Syçuan jemgyýetiniň wise-prezidenti Szen Ýan bu optiki illýuziýanyň köp gatlakly aýnadan şöhläniň döwülmegi we serpikmegi netijesinde ýüze çykandygyny düşündirýär.

“Aýnanyň her bir goşmaça gatlagy ýene bir wirtual şekili döredýär. Hatda käwagt şol bir aýna bilen wirtual şekilleriň sany syn ediş burçuna görä üýtgäp biler” – diýip, ol belledi.


09.06.2026 07:40
7.9k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....