Ilkaý Gündogan “Mançester Sitä” dolandy

  • 24.08.2024 10:28
  • 9.6k+

Germaniýaly futbolçy Ilkaý Gündogan “Barselonadan” “Mançester Sitä” geçdi diýlip, iňlis klubunyň saýtynda habar berilýär. Şertnama bir möwsüm hereket eder.

“Bu ýere gaýdyp gelmek mümkinçiligi köp zady aňladýar. Hemmeler meniň Gwardiola nähili hormat goýýandygymy bilýär – ol dünýäde iň gowy tälimçi we her gün onuň bilen işleşmek seni iň gowy oýunça öwürýär. Sen hemişe öz öňüňde synag görýärsiň, bu hem seniň ussat hökmünde isleýän zadyň. Men onuň bilen ýene işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, germaniýaly futbolçy aýtdy.

Gündogan 33 ýaşynda, ol “Barselona” 2023-nji ýylda geçdi. Toparyň düzüminde 51 oýna gatnaşyp, bäş gol geçirdi.
Gündogan 2016-njy ýyldan “Mançester Sitide” oýnady. Toparyň düzüminde bäş gezek Angliýanyň çempiony boldy, iki gezek Angliýanyň Kubogyny we Superkubogyny, dört gezek Angliýanyň ligalarynyň kubogyny we bir gezek Çempionlar ligasyny utdy. Şeýle-de, ýarymgoragçy “Nýurnberg” nemes topary we Dortmundyň “Borussiýasy” üçin çykyş etdi. Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......