BMW, birnäçe ýangyn hadysasyndan soň, 720 müň ulagy yzyna çagyrýar

  • 23.08.2024 15:11
  • 5.8k+

BMW ýangyna sebäp bolup biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 720 796 awtoulagy yzyna çagyrýar diýip, Motor1 ýazýar.

Näsazlyk suw pompasynyň ýanyndaky elektrik birikdirijä suw düşmegi sebäpli döreýän gysga utgaşma bilen baglanyşyklydyr. Näsazlyk sebäpli 18 ýangyn hadysasy hasaba alyndy.
Yzyna çagyrylan awtoulaglar 2012-2018-nji ýyllaryň 2, 3, 4 we 5 seriýaly modellerini, X1, X3, X4 we X5 krossowerlerini, şeýle hem Z4 sport awtoulagyny öz içine alýar.
Şu aýyň başynda BMW Demirgazyk Amerikada 105 558 ulagyň yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu modellerde, starteriň işine täsir edip biljek programma üpjünçiliginiň näsazlygy bar.


05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......