ABŞ-da “Awtoulaglar interneti” işe girizilýär: V2X ýüzlerçe müň ýol-ulag hadysasynyň öňüni almaga kömek eder

  • 23.08.2024 14:53
  • 6.4k+

ABŞ-nyň Ulag ministrligi ýollarda howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin Vehicle-to-Everything (V2X)  tehnologiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny yglan etdi. Engadget.com portalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa awtoulaglara ýerleşýän ýeri, tizlik we ýoluň ýagdaýy barada maglumat alyşmaga mümkinçilik berer, bu heläkçiliklerden gaça durmaga we olaryň agyrlygyny azaltmaga kömek eder.

2036-njy ýyla çenli ABŞ-nyň milli gara ýollar ulgamynyň ähli ýollarynda V2X ulgamyny ornaşdyrylmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Ministrlik 2028-nji ýyla çenli milli gara ýollar ulgamynyň 20% -ini we uly şäherlerdäki çatryklaryň 25% -ini V2X bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Ulag ministri Pit Buttijiç: "Ministrlik ömrümizi halas etmäge we hereket ediş usulymyzy üýtgetmäge mümkinçiligi bolan bu tehnologiýany ornaşdyrmakda aýgytly sepgide ýetdi" -diýdi.
Meýilnamany ýerine ýetirmek işi Federal aragatnaşyk komissiýasy, awtoulag öndürijileri, ýük daşaýyşlaryň operatorlary we programmalary işläp düzüjiler ýaly, köp sanly gatnaşyjylaryň tagallalarynyň özara utgaşdyrylmagyny talap eder.
Kiberhowpsuzlyk we maliýeleşdirmek ýaly, bolup biläýjek kynçylyklara garamazdan, V2X-iň durmuşa ornaşdyrylmagy müňlerçe adamyň ömrüni halas edip biler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......