Apple ilkinji gezek Hindistanda iPhone Pro-ny öndürip başlar

  • 23.08.2024 06:30
  • 9.5k+

Apple ilkinji gezek flagman iPhone Pro seriýasynyň önümçiligini Hindistandaky kärhanalaryna ynanar diýip, Bloomberg habar berýär.

Taýwanyň Foxconn Technology Group kompaniýasy iPhone Pro-nyň we iPhone Pro Max-yň täze neslini ýylyň aýagyna çenli ýurduň günortasyndaky Tamilnad ştatynda ýola goýup başlar. Esasy maksat - Hindistanda gurnalan iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň dünýä bazaryna öz wagtynda eltilmegini üpjün etmek.
Geçen ýyl Apple Hindistanda 14 milliard dollarlyk smartfon öndürdi we bu iPhone-nyň umumy önümçiliginiň 1/7 bölegini üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli diňe başlangyç derejeli modeller ýygnalýardy. Bu ýyl Apple flagman modellerine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin Hindistanda önümçiligini giňeltmek kararyna geldi.
Geljekde Apple hindi bazarynyň iPhone Pro-a bolan islegini doly kanagatlandyrmagy, şeýle-de, önümiň ep-esli bölegini eksport etmegi meýilleşdirýär. Bloomberg-iň seljerijileriniň çaklamasyna görä, Apple-iň Hindistandaky girdejisi onýyllygyň ahyryna çenli 33 milliard dollara ýetip biler.
Önümçiligi giňeltmegiň meýilleşdirilýändigine garamazdan, bölek şaýlara we elektronika gümrük pajynyň ýokarydygy sebäpli Hindistanda ýygnalan iPhone beýleki ýurtlardaka garanyňda has gymmat bolar.


08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

18.05.2026 12:41
4.3k+

Batgalykdaky Lotos: Hindistan yklymyň esasy howa menzili merkezleriniň birini gurýar

Mumbaýyň taryhy merkezinden takmynan 40 kilometr uzaklykda ýerleşýän batgalyk ýerde ägirt uly Nawi-Mumbaý howa menziliniň gurluşygy dowam edýär....