Audi bäş silindrli 2,5 TFSI hereketlendirijili iň soňky modelini hödürledi

  • 23.08.2024 06:26
  • 7.4k+

Audi 394 at güýjüni öndürýän 2,5 TFSI bäş silindrli hereketlendirijili, bazardaky iň täze RS3 modelini yglan etdi. Hereketlendiriji takmynan 50 ýyldan bäri öndürilip gelinýär we bu goýberiliş onuň çykarylyşynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýar diýip, Motor Home ýazýar.

Model kuzowy iki görnüşinde elýeter: Sportback we Saloon.
Audi RS3-iň daşky görnüşi täze LED faralaryň, täzeden işlenen howa çekijiler we uglerod süýmünden edilen bölekler bilen täzelendi. Salonyna daşyna Nappa derisi çekilen RS susak şekilli oturgyçlar we täze rul goýlan. salondaky fiziki düwmeler duýgur düwmeler bilen çalşyryldy, emma howa gözegçilik ulgamy adatylygyna galdyryldy.

Tehniki täzelenmeler awtoulagyň öwrümde durnuklylygyny ýokarlandyrýan şassi dolandyryş ulgamynyň täzelenmelerini öz içine alýar. Opsiýa taýdan Pirelli P Zero Trofeo R tekerleri bilen elýeter. Sagatda 100 km tizlige 3,8 sekuntda ýetýär.
Sportback modeliniň bahasy 59 510 funt sterlingden, Saloon bolsa 60 510 funtdan başlaýar.


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...