Daşary ýurtlular Russiýa wiza almak üçin şahsy söhbetdeşlik geçmeli bolarlar

  • 23.08.2024 06:17
  • 22k+

Russiýanyň Hökümeti daşary ýurt raýatlaryna wiza bermegiň tertibine üýtgeşmeleri girizdi. Indi wiza almak üçin daşary ýurtlulara şahsy söhbetdeşlik geçmek zerur bolar diýip, Interfaks habar berýär.

Täze girizilen düzgün Russiýanyň çägine girmeginiň we çäginde bolmagynyň maksatlarynyň hakykylygyny barlamak üçin zerur.
Söhbetdeşligiň barşynda daşary ýurt raýatlary saparynyň maksadyny tassyklaýan goşmaça resminamalary görkezip bilerler.

«Döwlete girmek üçin wiza resmileşdirýän, şol döwlete döwletiň raýatlygyna degişli bolmadyk daşary ýurt raýatyna wiza şol şahsda bu ýurtda 180 günden artyk galmaga rugsat berýän ygtyýarnamanyň bolan ýagdaýynda resmileşdirilýär we berilýär" diýlip, resminamada aýdylýar.

Russiýa üstaşyr wizany daşary ýurt raýatlary bu şerti berjaý etmezden alyp bilerler.


03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

17.04.2026 10:26
1.1k+

Türkmenistan we «BMG-Syýahatçylyk» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......