Unitree G1 böküp we tans edip bilýär: adampisint robot köpçülikleýin önümçilige taýýar

  • 21.08.2024 14:10
  • 5.8k+

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy köpçülikleýin önümçilige taýýar bolan G1 gumanoid robot modelini hödürledi. Onuň bahasy $16 000 diýip, New Atlas habar berýär.

Täze wideoda robot bökmek, tans etmek, ylgamak, päsgelçilikleri geçmek we işläp düzüjileriň hüjümlerine üstünlikli garşy durmak ýaly dürli başarnyklary görkezýär.
G1 roboty Unitree-niň ilkinji iki aýakly robotynyň kämilleşdirilen görnüşidir. Modeliň daşky görnüşi we öndürijiligi tapgyrlaýyn önümçiligiň talaplaryna laýyk gelmegi üçin doly işlenildi.
Robot 3D lidar, çuňluk kamerasy, galmagaly basyş mikrofony we stereodinamik bilen üpjün edildi. Ol hereket erkinliginiň 23 derejesine eýe bolup, agramy 35 kg we 2 m/s çenli tizlik bilen hereket edip bilýär. Batareýa 2 sagada çenli işlemegi üpjün edýär.
Tapgyrlaýyn önümçilige taýýardygyna garamazdan, onuň işe giriziljekdigine resmi tassyklama heniz ýok.


düýn 23:26
1.5k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....