Insaýder geljekki flagman Xiaomi 15 Ultra-nyň häsiýetnamasyny açdy

  • 21.08.2024 11:28
  • 6.4k+

Xiaomi täze Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro smartfonlaryny oktýabr aýynyň ahyrynda ýa-da noýabr aýynyň başynda, Xiaomi 15 Ultra modelini bolsa 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarmagy meýilleşdirilýär diýip, Gizmochina ýazýar. Şeýle-de bolsa, meşhur Digital Chat Station insaýderi flagman baradaky käbir maglumatlary eýýäm paýlaşdy.

Maglumat beriji Xiaomi 15 Ultra-nyň entek yglan edilmedik Qualcomm Snapdragon 8 Gen 4 prosessori bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.
Telefonda iň kiçi çarçuwaly, şeýle-de,  dört tarapy egri gyraly 2K durulykdaky displeý bolar.
Smartfon dört datçikli tegelek görnüşli kamera bölümi, şol sanda 50 megapiksel esasy kamera we datçigi ulaldylan täze periskop moduly bilen üpjün ediler.
Insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, Xiaomi 15 Ultra-nyň inženerçilik prototipi deri, aýna süými we keramika ýaly, arka paneliň dürli materiallary bilen synagdan geçirilýär. Deri enjama ýokary derejeli görnüş berýär, ýöne çyzylmaga ýykgyn edýär. Aýna süými oňa ýeňillik we berklik berýär, ýöne sypaýy görünmeýär. Keramika has agyr we urgy görende zaýalanyp biler.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...