ABŞ-da çagalar üçin ýürek implanty döredildi. Ony çaga ulaldygysaýy ulaldyp bolýar

  • 21.08.2024 11:26
  • 4.9k+

Dreksel uniwersitetiniň barlagçylary dogabitdi ýürek kemçiligi bolan çagalar üçin ýürek implantynyň täze görnüşini döretdiler. Çaganyň ulalmagy bilen ony ulaldyp bolar diýip,  Amerikanyň himiýa jemgyýeti habar berdi.

Kateter arkaly ýagtylyk bilen işjeňleşdirilende giňelip bilýän bu şunt implanty çalyşmak üçin zerur açyk ýürek operasiýalarynyň sanyny azaldyp biler.
Barlagyň şärikdeş awtory Kristofer Rodelliň sözlerine görä, adaty implantlar her gezek uly ölçegli şunt oturdylanda gaýtadan saglyk üçin ýokary töwekgelçilik döredýän operasiýa geçirilmegini talap edýär. Ýagtylyga duýgur gidrogel bilen örtülen täze implant çalyşmaga zerurlygy aradan aýryp, 40% giňelip biler.
Laboratoriýa synaglary wagtynda barlagçylar gan damarlarynyň dykylmasynyň ýa-da çişme täsirleriniň alamatlaryny tapmazdan, şuntyň diametrini 3,5 mm-den 5 mm-e çenli ulaltmagy başardylar. Kliniki synaglardan ozal gurluşyň howpsuzlygyny tassyklamak üçin deslapky synaglar geçirilýär.


05.06.2026 17:46
2.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.8k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5.4k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......