Samsung 123 TB göwrümli SSD hödürledi

  • 21.08.2024 00:32
  • 2.7k+

Samsung täze 122.88 TB göwrümli BM1743 Enterprise QLC SSD maglumat ýygnaýjysyny hödürledi. Future Memory Storage 2024 çäresinde onuň tanyşdyrylyşy boldy. Bu enjam korporatiw ulanyş üçin kompaniýanyň hataryndaky iň uly göwrümli maglumat ýygnajydyr.

Maglumat ýygnaýjy şeýle ýokary öndürijilige ýetmäge mümkinçilik berýän QLC ýady esasynda işlenip düzülendir.
Enjam PCIe 5.0 standartyny goldaýar we onda 7.5 GB/s okamak we 3 GB/s ýazmak tizligi bardyr. Öndürijiligi 1,6 million IOPS-a deňelýär. Kompaniýanyň ozalky rekord eýesi - kuwwatlylygy 61,44 TB bolan PM1743-dir.
BM1743 ozalky v5-den tapawutlylykda, yzygiderli okamak we ýazmak tizliginiň 2 esse ýokarlanmagyny üpjün edýän v7 QLC NAND tehnologiýasyna esaslanýar.
Mundan başga-da, Samsung maglumat merkezleri üçin PM9D3a sekiz kanally dolandyryjy we PM9D3a SSD hödürledi.


23.03.2026 00:03
5.4k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.8k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...