Apple 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze AirPods nauşniklerini çykarar

  • 20.08.2024 14:04
  • 3k+

Amerikan tehnologiýa korporasiýasy Apple sentýabr aýynda AirPods nauşniginiň täze, dördünji nesliniň iki wersiýasyny hödürlär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna salgylanyp, 9to5Mac portaly habar berýär.

AirPods 4 bazarda AirPods 2 we 3 modelleriniň ornuny çalyşmaly bolar. Olar ilkinji gezek, degişlilikde, 2019-njy ýylyň 20-nji martynda we 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda hödürlendi. Dördünji nesliň orta görnüşi işjeň galmagaly basyş ulgamyna eýe bolar, esasy wersiýada ol bolmaz, ýöne nauşnikler daşky görnüşi boýunça birmeňzeş bolar. AirPods 4-üň iki görnüşini hem zarýad beriji futlýarda USB-C bilen hödürlemek meýilleşdirilýär, ýöne has gymmat nauşnikler galtaşyksyz zarýad berşi goldar. Şol bir wagtyň özünde, Gurman AirPods Pro model hatarynyň heniz täzelenmejekdigini belleýär. Şeýle-de, ol AirPods 4-üň modeliň takyk ady däldigini we onuň hakykatda başgaça bolup biljekdigini aýdýar.  
Birinji nesil AirPods nauşnigi 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda iPhone 7 bilen bilelikde anons edildi. AirPods simsiz nauşnikleriň doly derejeli hatarynyň başlangyjy boldy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...