Insaýder: Samsung kompaniýasy Galaxy S Ultra-ny S Note-a öwrüp biler

  • 20.08.2024 12:37
  • 4.5k+

Samsung öz smartfonlarynyň geljekki nesillerinde Galaxy Note hataryny yzyna gaýtarmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Insaýder Ýogeş Brar geljek ýyl Galaxy S25 Ultra modeliniň Galaxy S25 Note, S25+-yň bolsa S25 Pro diýlip atlandyrylyp bilinjekdigini habar berýär. Bu ädim S25 ýa-da S26 hatarynda amala aşyrylyp bilner diýip, IXBT ýazýar.
Öň, kompaniýa Note brendinden ýüz öwrüp, ony Galaxy S Ultra bilen çalşypdy. Köne ada gaýdyp gelmegiň sebäpleri görkezilmeýär. Ýöne Pro adynyň ulanyjylar tarapyndan Plus-a garanda has gowy kabul ediljekdigi çaklanylýar.
Öň, Ýogeş Brar resmi anonslaryndan öň Redmi A1 we Pixel 7 hem Pixel 7 Pro smartfonlarynyň parametrlerini öz içine alýan birnäçe ygtybarly maglumatlary hödürledi, şeýle-de Snapdragon 4 Gen 1 bilen enjamlaşdyrylan dünýäde ilkinji telefon iQOO Z6 Lite 5G-ni “janly” görkezdi.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...