Ilkaý Gündogan Germaniýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlady

  • 20.08.2024 11:55
  • 4.9k+

“Barselonanyň” 33 ýaşly ýarymgoragçysy Ilkaý Gündogan Germaniýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

“Gadyrly futbol Germaniýasy, birnäçe hepde pikirlenenimden soň, ýurduň milli ýygyndysyndaky karýeramy tamamlamak kararyna geldim. Men eziz ýurdumyň toparynyň düzümindäki 82 oýny buýsanç bilen ýatlaýaryn – bu 2011-nji ýylda toparda ilkinji gezek çykyş edip başlanymda hatda arzuw edip bilmedik sanym. Ýurtda geçirilen Ýewropa çempionatynda topara kapitan hökmünde ýolbaşçylyk etmek meniň üçin uly hormat boldy. Şeýle-de bolsa, men eýýäm ýaryşdan öň ýadawlygy duýdum, klub we milli derejelerdäki oýunlar hem azalmaýar. Men Germaniýanyň milli ýygyndysynyň janköýeri hökmünde galaryn we ösüş trendini dowam etdireris diýip umyt edýärin. Biziň ajaýyp tälimçimiz, örän güýçli toparymyz we ajaýyp topar ruhumyz bar” – diýip, futbolçy X sosial ulgamynda ýazdy.

Milli toparyň düzüminde Gündogan 19 gol geçirdi.
Ýewro-2024-de Germaniýanyň milli ýygyndysy dörtden bir finala çykyp, goşmaça wagtda ýaryşyň geljekki çempionlary bolan ispaniýalylardan utuldy (1:2).
Öň, Cadena SER radiostansiýasy Gündoganyň ýakyn wagtda “Barselonany” terk edip biljekdigini aýtdy. Ol Kataloniýa kluby üçin 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýär.


şu gün 13:41
4.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
4.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......