Bilermenler Starliner gämisiniň Halkara kosmos stansiýasy bilen çaknyşmagyndan howatyrlanýarlar

  • 19.08.2024 13:25
  • 5.7k+

NASA Boeing Starliner gämisini Ýere dolap getirmek bilen bagly täze meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Business Insider neşiri habar berýär.

Starliner gämisiniň hereketlendirijilerindäki näsazlyk bilermenleri alada goýýar. Olar gämi Halkara kosmos stansiýasyndan aýrylandan soň dolandyryşdan çykyp, stansiýa baryp çaknyşmagyndan howatyrlanýarlar.
Ars Technica-den anonim çeşmeler bu barada habar berdiler. NASA-nyň wekili bu hili hadysanyň bolup bilmek mümkinçiligini inkär edip oturmady, ýöne jikme-jiklikleri hem aýan etmedi diýip, Business Insider ýazýar.
Ýatlatsak, 5-nji iýunda Halkara kosmos stansiýasyna uçurylan Starliner gämisi hereketlendirijilerinde syzdyrma ýüze çykanlygy sebäpli kosmosda galdy. Ilkibaşda, kosmonawtlaryň missiýasy 8 güne meýilleşdirilipdi, emma häzir olar kosmosda näbelli möhlete çenli galmaly bolýarlar. NASA astronawtlary howpsuz dolap getirmek barada çözgüt kabul edenden soň, agentligiň indiki kosmos uçuşlaryny Boeing-e ynanyp-ynanmazlygy barada mesele örboýuna galar.


18.04.2026 23:36
3.9k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...