Ýaponiýada 5G penjireler oturdylyp başlandy

  • 19.08.2024 10:48
  • 8.5k+

Ýaponiýada binalarda öýjükli aragatnaşygy gowulandyrýan, penjiräniň aýnasyna gurlan dünýäde ilkinji 5G antennasy görkezildi. Enjam JTower tarapyndan aýna öndüriji AGC Inc. bilen bilelikde işlenip düzüldi.

Täze önümiň ilkinji synagy Tokiodaky Shinjuku 3-chome East Building ofis merkezinde geçirilýär, bu ýerde NTT Docomo operatory ähli gatlara 5G penjiräni oturtdy. Işläp düzüjiler şeýle antennalaryň içerde durnukly interneti üpjün edip, adaty öýjükli diňler ýaly, şäheriň binagärlik keşbine zeper ýetirmezden, estetiki taýdan gelşikli görünýändigini tassyklaýarlar.
5G penjireler 6 GGs ýygylykda işleýär we esasanam, aragatnaşygyň köplenç kesilýän daglyk ýerlerinde peýdaly bolan 5G Sub6 diapazonyny goldaýar. Üstünlikli synagdan soň, JTower bu antennalary Ýaponiýanyň beýleki binalaryna-da gurmagy meýilleşdirýär.
Geljekde 5G penjire antennalary öýjükli esasy stansiýalary ornuny tutup, ýokary hilli ykjam aragatnaşyk üpjün etmek üçin täze enjam standartyna öwrüler.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......