Ýurgen Klopp bir günlük tälimçi kürsüsine gaýdyp geler

  • 19.08.2024 01:16
  • 11k+

“Liwerpulyň” we Dortmundyň “Borussiýasynyň” öňki baş tälimçisi Ýurgen Klopp tälimçilik işine ýene gaýdyp geler. Öň, ol tälimçi hökmünde karýerasyny tamamlandygyny aýdypdy, ýöne indi Dortmundyň klubunyň öňki meşhur oýunçylary Lukaş Pişek bilen Ýakub Blaşikowskiniň hoşlaşyk oýny üçin bir günlük bu wezipäni ýerine ýetirmek kararyna geldi.

“Adatdakysy ýaly ederin – oýun barada onuň başlamagyna 5 minut galanda pikir edip başlaryn” – diýip, 57 ýaşly tälimçi “Borussiýa” tarapyndan ýerleşdirilen wideoda degişdi.

Klubuň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Pişek bilen Blaşikowskiniň toparlarynyň arasyndaky oýun 7-nji sentýabrda “Signal Iduna Park” stadionynda geçiriler. Klopp toparlaryň birine tälimçilik eder.
Klopp şu tomus “Liwerpulda” işini tamamlady, ol bu topara 2015-nji ýyldan bäri tälim berdi. Ondan öň, 2008 – 2015-nji ýyllarda “Borussiýa” ýolbaşçylyk etdi, bu döwürde klubda Pişek bilen Blaşikowski hem çykyş etdi.


düýn 23:41
1.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.8k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......