“Baýer” Germaniýanyň Superkubogyny aldy

  • 18.08.2024 13:39
  • 9.3k+

Lewerkuzeniň “Baýeri” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogynda ýeňiş gazandy, ol oýundan soňky penalti tapgyrynda “Ştutgartdan” üstün çykdy.

Lewerkuzende geçirilen duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. “Ştutgartdan” Enso Miýo (15-nji minut) we Deniz Undaw (63) gol geçirdi. Ýer eýelerinden bolsa Wiktor Bonifase (11) we Patrik Şik (88) tapawutlandy. 37-nji minutdan başlap “Baýer” azlykda oýnamaly boldy, Martin Terrýe meýdançadan çykaryldy.
Penalti tapgyrynda “Baýeriň” oýunçylary has takyk boldy – 4:3.
“Baýer” Habi Alonsonyň ýolbaşçylygynda üçünji kubogyny gazandy, geçen möwsümde topar Germaniýanyň çempionatyny we Kubogyny utdy.


düýn 18:20
2.9k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.4k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......