“Al-Hilýal” Superkubok ugrundaky oýunda “Al-Nasry” utdy: Ronaldu dabara garaşman gaýtdy

  • 18.08.2024 13:30
  • 18k+

Saud Arabystanynyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Al-Hilýalyň” futbolçylary Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän topary bolan “Al-Nasry” uly ýeňlişe sezewar etdiler. Oýun şenbe güni Abhada geçirildi we ýurduň häzirki çempionynyň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy.

Ronaldu 44-nji minutda hasaby açdy, ýöne şondan soň “Al-Nasr” dört goly sypdyrdy. “Al-Hilýaldan” serbiýaly futbolçylar Sergeý Milinkowiç-Sawiç (55-nji minut), Aleksandr Mitrowiç (64-nji we 69-njy minutlarda iki gol) we braziliýaly Malkom (72) tapawutlandy. Bu ýeňiş “Al-Hilýala” taryhda bäşinji we yzygider ikinji Saud Arabystanynyň Superkubogyny getirdi.
Oýun wagty Ronaldu öz ýoldaşlaryna nägilelik bildirdi – ol merkezi halkada durup, hereket bilen olaryň meýdançada uklaýandygyny görkezdi. Oýun gutarandan soň 39 ýaşly hüjümçi sylaglama dabarasyna gatnaşmakdan we kümüş medal almakdan ýüz öwürdi. Portugaliýaly ahyrky jürlewükden soň derrew meýdançany terk etdi.
Mundan başga-da, oýundan öň Ronaldu futbolçylaryň däbini bozdy, ol meýdança çykanynda kubogy elledi. Türgenleriň arasynda şeýle hereket kubogy garşydaşyň aljakdygyny aňladýan ýaramaz alamat hasaplanylýar.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......