Bloger täze Google Pixel 9 Pro XL-i döwüp gördi

  • 17.08.2024 19:26
  • 14k+

Ýakynda TmCars JerryRigEverything blogeriniň Samsung Galaxy Z Fold 6 smartfonynyň kraş-synagyny geçirip, ony çyzylmalara, egreltmä, oduň we çägäniň täsirine garşy nähili barlandygyny habar berdi. Indi blogeriň “pidasy” täze Google Pixel 9 Pro XL modeli boldy. Smartfon 13-nji awgustda hödürlendi we bahasy azyndan 1099 dollara durýar.

Smartfon zeper ýetmeleriň dürli görnüşlerine haýran galdyryjy çydamlylygy görkezdi.
Birinji synag – ekrany çyzmak. Displeý Moos şkalasy boýunça gatylygy 5-e çenli gurallaryň täsirine çydamly boldy. Sypjyryklar diňe gatylygy 6 bolan gural ulanylanda peýda boldy, has çuň sypjyryklar bolsa 7 gatylygyň täsirinde ýüze çykdy. Ýöne hatda kanselýariýa pyçagy-da ekranda düýpli yz galdyrmady.


Ikinji synag gurluşyň alýuminden ýerine ýetirilen gapdal çarçuwasyna täsir etdi. Material sypjyrylsa-da, ol ýere gaçanda amortizasiýany üpjün edýär, bu hem ekranyň zaýalanmak töwekgelçiligini azaldýar.

Üçünji synag – oduň täsiri. Bloger 30 sekundyň dowamynda ekrana ot tutdy. Ýakynda geçirilen kraş-synagynda Samsung Galaxy Z Fold 6-nyň ekranynda oduň şeýle täsirinden soň ýaşylymtyl yz galypdy. Ondan tapawutlylykda, Google-yň täze smartfonynyň displeýine hiç hili zeper ýetmedi.
Google Pixel 9 Pro XL egreltme synagyndan hem üstünlikli geçdi.
Netijede, bloger ekranyň ýokary derejede berkligini, korpusyň mäkämligini we gurluşyň gurnama hiliniň ýokarydygyny belledi.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....