Ed Şiran Angliýanyň Premýer-ligasynyň klubunda paý satyn aldy

  • 17.08.2024 14:21
  • 4.3k+

Britaniýaly aýdymçy Ed Şiran “Ipswiç Taun” futbol klubunyň paýdary boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Aýdymçy paýnamalaryň 1,4%-ini satyn aldy, bu hem oňa Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) täze möwsüminde toparyň öý oýunlarynda ýolbaşçylar üçin aýratyn orunlarda oturmaga hukuk berýär. Muňa garamazdan, ol klubuň müdirler geňeşine goşulmaz.
“Gremmi” baýragynyň dört gezek eýesi Ed Şiran “Ipswiçiň” öňden bäri muşdagydyr. Ol üç ýaşyndan bäri klubuň ýerleşýän Saffolk graflygynda ýaşaýar. 2021-nji ýyldan bäri aýdymçy toparyň hemaýatkäri hökmünde çykyş edip, ony işjeň goldaýar.
“Ipswiç Taunyň” 1962-nji ýylda Angliýanyň çempionlygyny, 1978-nji ýylda ýurduň Kubogynyň gazanylmagyny we 1981-nji ýylda UEFA-nyň Kubogyndaky ýeňşi öz içine alýan baý taryhy bar. Geçen möwsümde topar Çempionşipde ikinji orny eýeledi we APL-e göni ýollama alyp, 22 ýyldan soň elita diwizionyna gaýdyp geldi.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......