Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezidenti hökmünde resmi taýdan tassyklandy

  • 15.08.2024 23:57
  • 10k+

Meksikanyň Saýlaw kazyýeti Klaudiýa Şeýnbaumyň 2-nji iýunda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşini biragyzdan tassyklady. Kazyýetiň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýaýlyma berlen mejlisiň dowamynda kazyýetiň başlygy Monika Soto Fregoso “Taryhy döretmegi dowam edeliň” koalisiýasy tarapyndan hödürlenen Şeýnbaumyň sesleriň aglaba köplügini alandygyny tassyklady diýip, TASS habar berýär.

Kazyýet saýlawlary hakyky we konstitusion hem hukuk ýörelgelerine laýyk gelýär diýip ykrar etdi.

“Klaudiýa Şeýnbaum Pardo Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji saýlanan zenan Prezidenti diýlip yglan edilýär, ol bu wezipäni 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2030-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli eýelär” – diýip, Saýlaw kazyýetiniň başlygy belledi. Şeýle-de, ol penşenbe güni dabaraly ýagdaýda Şeýnbauma Meksikanyň saýlanan Prezidentiniň şahadatnamasynyň gowşuryljakdygyny aýtdy.

Meksikanyň Milli saýlaw komitetiniň maglumatlaryna görä, Şeýnbaum saýlawçylaryň 59,76% sesini aldy. Onuň ýakyn bäsdeşi Soçitl Galwes 27,45%, Horhe Alwares Maýnes bolsa 10,32% ses aldy.


düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......