«Altyn asyr» FK «Ist Bengaly» utup, AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykdy

  • 15.08.2024 14:38
  • 14k+

"Altyn asyr" futbol kluby 2024/25 möwsüm üçin AFK-2 Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygynda myhmançylykda "Ist Bengal" hindi  klubundan üstün çykdy. Kalkuttada geçirilen duşuşyk türkmen klubunyň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy.

"Altyn asyryň" düzüminde gollary Myrat Annaýew (18-nji minut), Selim Nurmyradow (28) we Mihail Titow (52) geçirdi. Bu ýeňiş Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk berdi.
Türkmen klubunyň toparlaýyn tapgyryndaky garşydaşlary 16-njy awgustda Kuala-Lumpurda geçiriljek bije çekişlikde belli bolar. Topar dördünji sebede düşýär.
Belläp geçsek, şu möwsümden başlap, Aziýa futbol konfederasiýasy (AFK) klublaýyn ýaryşlaryny UEFA-nyň ulgamyna meňzeş täze formatda geçirip başlaýar (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýalar ligasy). Indi Aziýada hem üç ýaryş geçiriler:

  • AFK-nyň Ýokary Çempionlar ligasy (AFC Champions League Elite, gysg. ACL Elite) 24 klub gatnaşýar.
  • AFK-2 Çempionlar ligasy (AFC Champions League Two, gysg. ACL Two), 32 klub gatnaşýar.
  • AFK Çagyryş Kubogy  (AFC Challenge League) 18 klub gatnaşýar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar bermegine görä, ýurdumyzyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025 möwsümlerinde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli geçdiler.
AFK-nyň ikinji derejeli bäsleşigi bolan “Çempionlar ligasy – 2” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny “Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary üstünlikli geçdiler. “Arkadag”, “Aşgabat” “Nebitçi” toparlary bolsa AFK-nyň “Çagyryş Kubogy” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli tabşyrdylar.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......