Samsung ýangyn töwekgelçiligi sebäpli 1,12 million elektrik pejini yzyna ýygnaýar

  • 14.08.2024 14:52
  • 4.8k+

Samsung Electronics kompaniýasy 2013-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ABŞ-da satylan 1,12 million elektrik pejini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Yzyna çagyryş, öň tutawaçlarynyň näsazlygy sebäpli ýüze çykan köp sanly ýangyn hadysalary bilen baglanyşyklydyr diýip, Gizmochina habar berýär.

ABŞ-nyň Sarp ediş önümleriniň howpsuzlygy komissiýasynyň (CPSC) habaryna görä, tutawaçlaryň näsazlygy takmynan 250 ýangyn hadysasyna sebäp bolup, olaryň 18-si emläge uly zeper ýetirdi. Ýangyn 40 adama şikes ýetirdi, olaryň 8-si agyr ýaralandy.
Mesele, tutawaçly gapagyň aňsatlyk bilen açylmagy we tötänleýin çagalar ýa-da öý haýwanlary tarapyndan pejiň işledilmegi bilen baglanyşyklydyr. Samsung bu näsazlygy boýun alyp, pejiň tötänleýin işledilmeginiň öňüni almak üçin mugt gulplar we tutawaçlar hödürleýär. Wi-Fi goldawy bolan peçlerde, pejiň işläp başlamagyny ulanyjylara habar berýän SmartThings programmasy bar.
Howply peç modelleriniň sanawy:

CPSC sarp edijilere peçlerini barlamagy, zerur bolan ýagdaýynda gerekli çäreleri görmegi maslahat berýär. Gulplaryň we tutawaçlaryň gelmegine garaşylýan wagtda, çagalara we öý haýwanlaryna peç düwmelerinden uzakda durmak we öýden çykmazdan ýa-da ýatmazdan ozal pejiň öçürilendigini iki gezek barlamak maslahat berilýär.


25.06.2026 14:47
4.9k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....