Braziliýada howanyň sowamagy kofeniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi

  • 14.08.2024 13:59
  • 5k+

Dünýäniň iň uly kofe öndürijileriniň biri bolan Braziliýada howanyň sowamagy sebäpli, Nýu-Ýork söwdasynda arabika kofesiniň bahasy birden ýokarlanyp, iýul aýynyň başyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Biržada “sähel çigregiň” hem kofe üpjünçiligi bilen bagly howsalalary ýüze çykarmagy sebäpli, arabika üçin fýuçersler 7% gymmatlady diýip, Bloomberg ýazýar.
Geçen dynç günleri Braziliýanyň kofe plantasiýalarynyň sebitlerinde eýýäm sähel çigrek hasaba alyndy. Howa şertleri ýakyn günlerde hasam ýaramazlaşyp biler. Pes temperaturalaryň Minas-Žerais we San-Paulu ştatlarynda hem bolmagyna garaşylýar. Bu netijede kofe hasylyna zyýan ýetirip biler.


şu gün 15:05
3.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 17:05
8.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

07.06.2026 10:04
7.3k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

03.06.2026 12:21
9.3k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......