ABŞ-ly World of Warcraft oýnuny yzyny üzmän 78 sagat oýnap, rekord goýdy

  • 14.08.2024 12:14
  • 6.8k+

ABŞ-ly geýmer World of Warcraft oýnuny oýnamagyň dowamlylygy boýunça rekord goýdy. Bu barada UPI neşiri ýazýar.

Nýu-Jersiniň ýaşaýjysy, Deňiz pyýada goşunynyň weterany Jastin O’Donnell bu oýny 78 sagat oýnady. Ol bu wagtyň dowamynda asla ýatman, diňe kompýuteriň öňünde oturdy. Geýmere her bir sagatda bäş minutlyk arakesme berildi. Ol bu wagty iýip-içmek hem-de itine ideg etmek üçin sarp etdi.
Jastin asyl hem ukusyzlykdan ejir çekýändigini, şonuň üçin rekord goýmagyň kyn düşmändigini belledi. Şeýle-de bolsa, ol ýadandygyny boýun aldy.

“Bu ruhy ýadawlyk däl-de, fiziki ýadawlyk. Mende birnäçe günläp ukusyny almadyk adamlaryňky ýaly mesele ýok. Ysgynsyzlyk duýamok, eşidişimde kem ýok. Iň bolmanda bir gün ýatmadyk käbir adamlar serhoş ýaly düşnüksiz gürläp başlaýarlar” – diýip, geýmer aýtdy.


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......