Dört gezek Olimpiýa çempiony Kewin Dýurant “PSŽ” klubunyň paýdary boldy

  • 14.08.2024 12:16
  • 4.4k+

Dört gezek Olimpiýa çempiony we Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) iki gezek çempiony Kewin Dýurant Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol klubunyň paýdary boldy. Bu barada basketbolçynyň esaslandyran Boardromm kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Dýurant we onuň işewür hyzmatdaşy Riç Kleýman “PSŽ-niň” sport bazasyna baryp görenlerinde, “sport we maýa goýum nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýän ugurlara – zenanlar we ýaşlar toparlaryna aýratyn üns berýärler”.

“Dýurant bilen Kleýmanyň sport-güýmenje media ulgamy Boardromm “PSŽ” bilen bilelikde mazmun we meýilnamalaşdyryş ugurlaryny öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin işleşer” diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar.

Forbes žurnaly boýunça, Dýurant iň ýokary hak alýan türgenleriň onlugyna girýär, onuň baýlygy 2023-nji ýylda 89,1 mln dollar diýlip hasaplandy.
Päriždäki Oýunlaryň jemi boýunça, Dýurant sportuň toparlaýyn görnüşinde dört Olimpiýa altyn medalyny alan ilkinji erkek türgen boldy. Oýunlaryň basketbol ýaryşynyň finalynda amerikalylar Fransiýanyň toparyny 98:87 hasabynda utup, yzygider bäşinji gezek altyn medalyň eýeleri boldular.


şu gün 09:11
1.3k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.7k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
10k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......