Dünýädäki iň uly aýsberg, bir ýyllap "syýahatyndan" soň, Skotiýa deňzinde saklandy

  • 14.08.2024 12:05
  • 11k+

12-nji awgustda dünýäniň iň uly aýsbergi bolan A23a bir ýyldan soň ýene hereketini bes etdi. Bu barada TASS Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutyna (AARI) salgylanyp habar berýär.

1986-njy ýylda Antarktikadaky buzlukdan bölünip aýrylan aýsbergiň meýdany 4366 km² (Sankt-Peterburgyň meýdanyndan 3 esse uly).
Uedella deňzinde (Günbatar Antarktidanyň kenarlaryndaky deňiz) 30 ýyl saýda galan aýsberg geçen ýazda birden Skotiýa (Skoşa) deňzine tarap ýüzüp başlady. Onuň ikinji gezek saklanmagyna umman girdaby sebäp boldy.
Aýsberg haýal aýlanýar. Hünärmenler Antarktika aýlaw akymynyň (ACC) aýsbergiň suwasty bölegine täsir edýändigini, bu bolsa onuň ýumrulmagyna sebäp bolup biljekdigini nygtaýarlar. Ýöne aýsbergiň ululygyna görä, ýumrulmak prosessi köp wagt alyp biler.


22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

18.02.2026 09:22
4.5k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

22.12.2025 14:55
10k+

Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi...

02.09.2025 18:52
12k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi...