iPhone 16 smartfonlary köpçülikleýin öndürilip başlandy

  • 14.08.2024 11:56
  • 8.1k+

Foxconn kompaniýasy iPhone 16 smartfonlarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär.

iPhone 16 üçin komponentleriň önümçiligi gurluşlaryň durnukly ýygnalyşyny üpjün etmek üçin öňünden başlady. Displeý panelleriniň köpçülikleýin önümçiligi heniz iýun aýynda başlandy we olar sentýabr aýyndaky önümçilige goýberiş üçin ýeterlik mukdarda öndürildi.
iPhone 16 smartfonlary üçin OLED displeýlerini Samsung Display we LG Display öndürýär. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Samsung bilen LG Apple-e, degişlilikde, 80 mln we 43 mln töweregi ekran iberer.
Öňki gürrüňlere görä, iPhone 16 seriýasy has inçe çarçuwalara eýe bolar. Pro modelleriniň iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max bilen deňeşdirilende uly displeýler bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Şeýlelikde, iPhone 16 we iPhone 16 Pro Max, degişlilikde, 6,3 we 6,9 dýuým ekranlara, kiçi modeller bolsa 6,1 we 6,7 dýuým ekranlara eýe bolar.
Apple kompaniýasy iPhone 16 seriýasynyň global üpjünçiligi üçin maksatly görkezijisini öňki iPhone 15 seriýasy bilen deňeşdirilende, 10% - 90 mln gurluşa çenli artdyrdy.
Belläp geçsek, iPhone 16 smartfonlarynyň resmi tanyşdyrylyşy şu ýylyň sentýabr aýynda bolar, käbir maglumatlara görä, ol 10-njy sentýabrda geçiriler.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....