ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek 3D printerde ýaşaýyş toplumy çap edildi

  • 14.08.2024 14:44
  • 11k+

Tehasda (ABŞ) 3D printeriň kömegi bilen döredilen dünýäde iň uly ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk işleri tamamlandy diýip, Reýter agentligi habar berýär.

Jorjtaunyň golaýyndaky Wolf Ranch şäherçesinde 100 sany jaý çap edildi. Olaryň gurluşygy 2022-nji ýylyň noýabrynda başlandy. Gurluşykda boýy 3,3 metrlik diwarlary çap etmäge ukyply Vulcan 3D printeri peýdalandy.
3D çap ediş usuly jaýlary tiz wagtda we has arzan gurmaga mümkinçilik berýär. Munda şeýle hem galyndylaryň mukdaryny hem azaltmak mümkin. Printere beton poroşogynyň garyndysy, suw, çäge we beýleki goşundylar goşulýar. Olar enjama ýüklenenden soň, ýörite enjam taýýar ergini, edil diş pastasy ýaly, çotganyň üstüne gysyp çykarýar we öňden programmalaşdyrylan traektoriýa boýunça gat-gat edip çalyp başlaýar. Netijede "welwet täsirli" diwar emele gelýär.

Üç ýa-da dört sany ýatalga otagy bolan bir sany öýi çap etmeklik üç hepde töweregi wagt alýar. Şol bir wagtda, printerde çap edilen öýler, adatdan daşary howa şertlerine durnukly bolsalar hem, Wi-Fi signallaryny geçirmekde mesele döredýärler. Munuň üçin öý eýelerine ýörite enjam ulanmaly bolýarlar.
Wolf Ranch şäherçesinde jaýlaryň bahasy 450 müň dollardan 600 müň dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu günki gün jaýlaryň, gurlan desgalaryň dörtden biri satyldy. Tehnologiýany işläp düzen ICON kompaniýasy ony NASA-nyň Artemis maksatnamasynyň çäklerinde Aýda hem ulanmagy meýilleşdirýär.


09.06.2026 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......